744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
29.05.2025
BAE-niň ilçisi Türkmenistandaky nebitgaz uniwersitetinde okuw sapagy geçirdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky nebitgaz pudagynda emeli intellekti ornaşdyrmakdaky hyzmatdaşlygy» atly okuw sapagy geçirdi.

Okuw sapagy ýokary okuw mekdebiniň Informatika tehnologiýalary merkeziniň maslahatlar zalynda geçirildi. Oňa uniwersitetiň rektory, sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşynyň dowamynda Ahmed Al Hameli ýurdunyň ylmy-bilim ulgamynda emeli intellekt tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyndaky tejribesini giňişleýin beýan etdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de emeli intellekt bilen baglanyşykly bilim beriş işi orta mekdep derejesinden başlanýar. Şeýle hem ilçi BAE-de emeli intellekt tehnologiýalarynyň dünýä belli kompaniýalaryň we ýerli sanly ulgamda işleýän kärhanalaryň gatnaşmagynda nebitgaz hem-de energetika pudaklaryna üstünlikli we çalt ornaşdyrylýandygyny nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BAE-niň sanly tehnologiýalar babatyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegini we bilelikdäki taslamalary döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly ilçi BAE-niň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini tanyşdyrdy hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra mugallymlar we talyplar myhmana özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler.

Sapagyň ahyrynda ilçi gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda emeli intellekt tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy babatda alnyp barylýan işleriň çäginde mundan beýläk hem pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.

Uniwersitetiň rektory ýokary derejeli myhmana geleni we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Çeşme: «Altyn Asyr» elektron gazeti