Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň täze talaplaryny tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Resminama Ministrler Kabinetiniň maý aýynyň 29-ynda geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.