744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.06.2025
Biržanyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň jemi eksport möçberi 1 million 367 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Umuman, hepdäniň dowamynda daşary ýurt we ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda 23 şertnama baglaşyldy.

 

Türkmen önümleriniň esasy alyjylary hökmünde BAE, Owganystan we Türkiýäniň işewür toparlary çykyş etdiler. BAE bilen Owganystanyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýeli telekeçiler bolsa arassalanan pagta galyndylaryny aldylar.

 

Ýurdumyzyň içki bazarynda hem işjeňlik ýokary boldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän ýol bitumy, polipropilen, binýatlyk ýag, şeýle hem portlandsement, pagta ýüplügi, mata we dokma galyndylary ýerli işewürleriň arasynda uly isleg bildirdi. Içerki söwdalaryň umumy bahasy 88 million 437 müň manatdan geçdi.

Çeşme: TDH