744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
25.11.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy Awazada geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny” atly halkara maslahatyň taýýarlyklary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji noýabrda dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Milli Liderimiz maslahatyň geçiriljek ýerine geldi. Binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir.

“Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.