744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
26.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy 25-nji noýabrda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady.

“Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, çuňňur hormatlanylýan Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň geljegi nazarlaýan strategik ugruny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysady taýdan okgunly ösýär, ýurduňyzda senagat we ulag infrastrukturasy işjeň döwrebaplaşdyrylýar, döwletiň en-ergetika kuwwatyny pugtalandyrmak, ony tehnologik taýdan özgertmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanda giň gerimli, durmuş ugurly taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar. Bu üstünlikleriň ählisi tüýs ýürekden hormata we iň ýokary baha mynasypdyr” diýip, gazak Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.