744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
26.11.2025
Türkmenistan bilen Gazagystan ikitaraplaýyn resminamalar alyşdylar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana döwlet sapary wagtynda 25-nji noýabrda ikitaraplaýyn resminamalar alyşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk.

Resminamalar hem Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, ulag babatda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasyny we başgalary öz içine alýar.