Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 26-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hat ugratdy. Ol Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly çözgüdi goldandygy üçin Döwlet Baştutanymyza hoşallygyny bildirdi.
“Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk häsiýetini ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Duşuşygyň dowamynda geçirilen maslahatlaşmalar, kabul edilen çözgütler ýurtlaryň özara hormat goýmak ruhunda syýasy-ykdysady, ulag, energetika, howpsuzlyk, ynsanperwer ulgam ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, umuman, tutuş sebitiň bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn”, - diýip Ilham Aliýew ýazdy.
Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.