744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
28.11.2025
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-nyň Başlygyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Gonkong ýörite dolandyryş sebitindäki ýaşaýyş toplumynda bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.