744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
14.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatynyň işgärlerini gutlady

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 14-nji dekabrynda Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň güni dabaraly bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň zähmetkeş nebitçilerine, gazçylaryna hem-de geologlaryna Gutlag hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Hor­mat­ly ne­bit­çi­ler, gaz­çy­lar we geo­log­lar!

Si­zi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Si­ziň yh­las­ly we tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ňi­ziň ne­ti­je­sin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Pu­dak­da al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ýur­du­my­za ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­ky or­nu­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Biz bu ugur­da hal­ka­ra de­re­je­li iri tas­la­ma­la­ra ba­dal­ga ber­mek bi­len, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­na, gel­jek ne­sil­le­ri­mi­ziň hem-de goň­şy döw­let­le­riň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat et­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da mö­hüm we­zi­pe­le­ri öň­de goý­ýa­rys.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da 2009-njy ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­tan — Hy­taý hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si işe gi­ri­zil­di. Ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan şol se­nä­niň ýur­du­myz­da Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­me­gi öz­bo­luş­ly ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy äh­li ugur­lar bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dür­mek bi­len bag­ly ka­bul edi­len mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de iri se­na­gat top­lum­la­ry­ny, gaz ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry dö­ret­mek, gel­je­gi uly ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek ba­bat­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze ne­bit­li we gaz­ly ýa­tak­la­ryň açyl­ma­gy­ny, Türk­me­nis­tan — Hy­taý, Gün­do­gar — Gün­ba­tar gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni, gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny pu­dak­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bo­lar. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu tas­la­ma­nyň mö­hüm bö­le­gi­niň — Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ak pa­ta ber­me­gi ýurt­la­ry­my­zyň uzak möh­let­le­ýin ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge hem-de se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­my­zyň no­bat­da­ky my­sa­ly­na öw­rül­di.

Ga­dyr­ly ne­bit­çi­ler, gaz­çy­lar we geo­log­lar!

Türk­men geo­log­la­ry­nyň yh­las­ly göz­leg­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan, ýan­gyç se­riş­de­le­ri­niň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň ýur­du­myz hem-de se­bit üçin örän uly yk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­ti bar. Bu kä­niň tap­gyr­la­ýyn öz­leş­di­ril­me­gi türk­men te­bi­gy ga­zy­ny hal­ka­ra ba­zar­la­ra iber­me­giň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek­de tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg bil­dir­ýän ýurt­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar we hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan bu ugur­da ýur­du­myz bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga, ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýär. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de ýer­leş­ýän, yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan de­ňiz top­lum­la­ry­ny ne­ti­je­li öz­leş­dir­mek ba­bat­da amat­ly ma­ýa go­ýum gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gi hem özü­ne çe­ki­ji­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na», «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­tyn­da önüm­çi­li­giň de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Te­bi­gy se­riş­de­le­re örän baý Di­ýa­ry­myz­da ne­bit­gaz­ly ýa­tak­la­ryň üs­tün­lik­li öz­leş­di­ril­me­gi bu ugur­da­ky iş­le­riň ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry öz­leş­di­ri­len­de, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri çy­ka­ry­lan­da, gaý­ta­dan iş­le­ni­len­de hem-de sarp edi­ji­le­re ibe­ri­len­de daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­ma­gyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek, şol iş­le­ri ýo­ka­ry eko­lo­gik ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ama­la aşyr­mak, şeý­le-de ola­ryň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne tä­si­ri­ni pe­selt­mek öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­ler­dir. Ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öz­leş­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge mun­dan beý­läk-de my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na berk ynan­ýa­ryn.

Hor­mat­ly ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri!

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan öz te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny di­ňe bir mil­li bäh­bit­le­re däl, eý­sem, se­bit we dün­ýä halk­la­ry­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge hem gö­nük­dir­mä­ge ça­lyş­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, pu­da­gyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, kö­pu­gur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ul­ga­my­ny dö­ret­mek döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän bu iş­le­ri­miz ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­na, yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly gur­şa­wy eme­le ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Biz bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi gel­jek­de hem do­wam et­di­re­ris.

Hor­mat­ly ne­bit­çi­ler, gaz­çy­lar we geo­log­lar!

Si­zi hü­när baý­ra­my­ňyz bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ziň äh­li­ňi­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin».

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti