2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli günlerinde Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi geçiriler. Häzirki wagtda bu giň gerimli halkara çärä taýýarlyk görülýär. Onuň geçirilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolar.
«Talwas Ýoly» paýdarlar jemgyýeti we onuň «Oguz Forum & Expo» bölümi Türkmenistanyň logistika birleşigi bilen hyzmatdaşlykda bu çäräniň resmi guramaçylary bolup çykyş edýärler. Forum logistika, ulag, eksport we import pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem Türkmenistanyň we Hytaýyň ýöriteleşdirilen kompaniýalarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir.
Şeýle işewürlik forumlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň energetika we ykdysady syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde ähmiýetlidir. Bu günki gün türkmen döwletiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda netijeli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ony halkara energetika ulgamyna integrirlemäge gönükdirilendir.
Tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan halkara hyzmatdaşlar bilen energetika gepleşiklerini işjeň ösdürýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem bu babatda üstünlikli ýyllaryň biri boldy. 23-24-nji aprelde Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Guramaçylar hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti çykyş etdiler.
Şanly ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, «Petronas» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tenku Muhammet Taufigiň, BAE-niň senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmet Al-Jaberiň we energetika pudagynyň beýleki ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda halkara duşuşyk geçirildi. Onuň netijelerine görä, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň we görkezilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ylalaşyklara gol çekildi.
Täze ýylda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we daşary söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek ugurlaryndaky syýasatynyň logiki dowamy bolar.