«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýurdumyzyň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir. Bu ýerde nebitçiler tarapyndan gazylyp alynýan «gara altyn» ýokary derejede gaýtadan işlenilýär. Zawodlar toplumynyň işgärleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen hasabat döwrüni gowy netijeler bilen jemlediler. Ýokary hilli nebit we nebit önümlerini öndürmekde, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmakda hem guwandyryjy üstünliklere eýe bolundy.
Geçen hasabat döwründe 4 million 506 müň tonnadan gowrak «gara altyn» gaýtadan işlenilip, bu babatdaky meýilnama 106,7 göterim berjaý edildi.
Nebiti gaýtadan işleýjiler tarapyndan ýylyň başyndan bäri benzin, kerosin, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýagy, nebit bitumy, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we beýleki nebit önümlerini öndürmekde-de ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleriniň ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgady boldy.