29-njy dekabrda Türkmenistanyň Gazagystanyň Aktau şäherindäki konsullygynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň Türkmenistanyň ösüşiniň esasy tapgyrlaryna düşünmekde, şeýle hem häzirki döwrüň halkara şertlerinde hemişelik bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny çuňňur we giňişleýin açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Kitapda bitaraplyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň milli däpleri bilen innowasion ösüş ýoluny, içerki durnuklylygy bilen dünýä açyklygy sazlaşykly utgaşdyrýan we depginli ösýän döwlete öwrülendigi nygtalýar. Şunda ykdysadyýetde, ulag ulgamynda, medeniýetde we halkara diplomatiýasynda gazanylan üstünlikleriň yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Çykyş edenler täze kitabyň ýurduň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, parahatçylyga, dostluga we durnukly ösüşe ymtylmany alamatlandyrýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtadylar.