Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Körpe ýaşaýjylary baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň keşbindäki çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler. Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyny has-da artdyrdy.
Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri däl, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde olar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans topary-da bar.