744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.01.2026
«Nebitgazçykaryş» tresti boýunça 11 aýda 3 million 684 müň 540 tonna golaý nebit çykaryldy

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagynyň ösüşine «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky önümçilik kärhanalarynyň goşýan goşandy örän uludyr. Konserniň düzüminde «Nebitgazburawlaýyş», «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» we «Nebitgazçykaryş» trestleri bar. Olar geçen ýylyň 11 aýynda ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar.

Konserniň «Nebitgazçykaryş» tresti boýunça geçen ýylyň 11 aýynda çykarylan «gara altynyň» möçberi 3 million 684 müň 540 tonna golaýlady. Netijede, bu babatdaky meýilnamanyň berjaý edilişi 109 göterimden geçdi. Mawy ýangyjyň möçberi bolsa 4 milliard 218 million 600 müň kub metrden gowrak bolup, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 166,92 göterime barabardyr.

Gazanylan zähmet üstünliklerinde trestiň «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Keýmir», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş we «Körpeje» gaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek.