744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.01.2026
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti bellenilen meýilnamany 125 göterim ýerine ýetirdi

Türkmenistanyň günbatar sebitiniň iri önümçilik kärhanalarynyň biri bolan «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda garamagyndaky edaralaryň üstünlikli işiniň netijesinde ajaýyp ykdysady görkezijilere ýetdi. Degişli döwürde trest boýunça goşmaça çykarylan nebitiň möçberi 246 müň 532 tonna golaý boldy, bu bolsa 125,2 göterim ösüşi aňladýar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň baý nebitgaz ýataklarynyň biri bolan «Barsagelmez» ýatagynda guýulary düýpli abatlamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda maksatlaýyn işiň netijesinde meýilleşdirilen 376 guýynyň ýerine 396 guýy abatlanyldy we nebitçilere ulanmaga berildi. Bu görkeziji boýunça meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestinde «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlamak müdirlikleri işleýär. Hasabat döwründe trestiň zähmet üstünliklerinde bu müdirlikleriň abatlaýjylarynyň mynasyp goşandy bar.