744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.01.2026
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hünärmeni «Ýylyň göreldeli wagyzçysy» bäsleşiginde ýeňiş gazandy

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Ýylyň göreldeli wagyzçysy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama» müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa hem bar.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan geçirilen bu bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny, ýurdumyzyň durmuşynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, gazanylýan zähmet üstünliklerini, halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylyşyny, ähli ulgamlaryň toplumlaýyn ösdürilişini giň halk köpçüligine wagyz etmekde, jemgyýetçiligi arassa, halal zähmete ruhlandyrmakda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden tapawutlanan işjeň wekiller saýlanylýar.

Dabaranyň dowamynda ýeňijilere TDP-niň Syýasy Geňeşiniň Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.