744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
06.01.2026
Türkmenistanda pudagara elektron aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar

Türkmenistanda döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin pudaklaryň arasynda özara elektron aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Bu taslama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan "Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň" çäklerinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda X-Road platformasyny milli ulgama ornaşdyrdy. Bu çözgüt döwlet edaralaryna raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini kepillendirip, maglumatlary howpsuz alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu bitewi platforma eýýäm esasy ministrlikler birikdirildi. Ulgama gatnaşyjylaryň sanawy ýakyn geljekde giňeler. Bu bolsa ýurt üçin birleşdirilen maglumat giňişliginiň döremegine getirer.

Ulgam güwänamalary, resminamalary we rugsatnamalary almak prosesini aňsatlaşdyrmak üçin gurala öwrüler. Şeýle hem taslama "akylly şäherler" konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we 2030-njy ýyla çenli BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky ädimdir.

Sanly infrastrukturanyň işlemegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we degişli edaralaryň hünärmenleri Cisco we Linux halkara standartlary boýunça okuw geçýärler. Okuw maksatnamasyna Java we Python programmirleme dillerini özleşdirmek girýär.