744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.01.2026
Geljekki nebitçileriň arasynda täze ýylyň şygary we nyşany wagyz edildi

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, dürli edara-kärhanalarda dürli kärlerde işleýän adamlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäre “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem geçirildi.

Dabaraly maslahat geljekki nebitçileriň arasynda täze ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Oňa mugallymlar we talyp ýaşlar hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini bellediler.

Şeýle hem çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de çärä gatnaşyjylary, olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze, 2026-njy ýylyň başlanmagy, bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.