Türkmenistanda welaýatlar boýunça 2026-njy ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň häkimliklerine ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen kabul edildi.