744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.01.2026
Birža söwdalarynda nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 7-nji ýanwarda geçirilen söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri hem uly islege eýe boldy. Hususan-da, daşarky bazarda Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, içerki bazarda bolsa ýerli işewürler bu konserniň “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Birža söwdalarynda şeýle hem Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny, Gyrgyzystanyň işewürleri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada-da geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 171 920 000,00 manada we 3 631 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 61 geleşik baglaşyldy.