Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 8-nji ýanwarda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine isleg uly boldy.
Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Özbegistanyň işewürleri bolsa “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.
Şeýle-de BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy bahasy 4 720 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.