744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.01.2026
Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň häzirki we geljekki maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, diplomatlar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň netijelerini jemlemek işini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, şeýle hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin Ýolbaşçy komitetiň işiniň möhümdigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler şeýle-de BMG-niň Türkmenistandaky maksatnamalaýyn taslama işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ikitaraplaýyn we sebitleýin derejede onlarça taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikdäki maslahaty, ýaş diplomatlar üçin okuwlary guramak we beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, düzüm birlikleriniň we maksatnamalarynyň Türkmenistandaky edaralarynyň ýerleşmeklerini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.