744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.01.2025
Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär hem-de ýerli gyzyklanýan taraplar, tehnologiýa hyzmatdaşlary we degişli institutlar bilen hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu kompaniýa Türkmenistanyň milli ösüş maksatlaryna laýyklykda, möhüm aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda döwrebap, uýgunlaşdyrylan çözgütleri ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Kompaniýanyň marketing we korporatiw aragatnaşyklar boýunça menejeri Migel Simon Ramironyň “Trend” agentligine beren habarynda aýdylyşy ýaly, Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň ulag, nebit-gaz toplumy hem-de dag-magdan senagaty ýaly möhüm pudaklaryny sanlylaşdyrmagy we döwrebaplaşdyrmagy geljegi uly ugur hökmünde görýär.

“Teltronic” kompaniýasynyň aragatnaşyk ulgamynda 50 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol Türkmenistanyň milli infrastrukturasyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny goldamaga taýýardygyny belleýär.