744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.01.2026
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady. 9-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bu iş meýilnamalarynyň taslamalary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, nebit önümlerini içerki sarp edijilere we daşarky bazarlara ibermek, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we tebigy gaza baý bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek we ýüze çykarmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutuldy. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmek işlerine girişmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli ýerine ýetirmek meýilnamada iň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.