744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.01.2026
TNGIZT-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri üçin çig mal serişdeleri öndürilýär

10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli çig mal serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada Gahryman Arkadagymyza maglumat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy senagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, önümleriň hilinden başlap, olaryň mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli güwänamalar görkezildi. Aýratyn-da, klasteriň ISO standartlaryna laýyk gelýän güwänamalaryna möhüm orun berildi.

Milli Liderimiz geljekde lukmançylykda ulanyljak serişdeleri öndürmekden başlap, olary sarp etmäge çenli alnyp baryljak işlerde arassa, ekologik talaplara laýyk gelýän ýerli çig mallaryň ulanylmalydygyna, ondan alynjak önümiň ýokary hilli bolmalydygyna, içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmelidigine we galan böleginiň eksporta gönükdirilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de bu ýerde Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalaryny enjamlaşdyrmak wezipesiniň ynanylandygy we döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, ähli meýilleşdirilen işler ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý ediler.

Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada hem aýdyldy. Enjamlaryň hil derejesine, öndürijilik ukybyna degişli gözegçilik ýola goýuldy.

Kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini aýdyp, olaryň önümçiliginiň sazlaşykly alnyp baryljakdygyna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz lukmançylyk klasteriniň ynsan saglygy üçin ähmiýetli, dünýäniň saglygy goraýyş edaralary üçin zerur hasaplanýan serişdeleriniň hil derejesiniň ýokary bolmagynda möhüm orny eýelejek enjamlaryň bökdençsiz getirilmegi bilen bagly meseleleriň gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.