Türkmenistana ýakynda ýurduň jemagat hojalygynyň düzümlerine niýetlenen köp sanly täze tehnikalar gelip gowuşdy. Şol döwrebap tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy we ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, gapdalyndan zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, şeýle-de 25 tonnalyk ýük göterijiler, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, gidrogaldyryjylar, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar, hereketdäki ussahana awtoulaglary, ýörite agyr awtoulaglar tirkewi, ýükleýji ekskawator, öňtaraplaýyn uly ýükleýjiler, tekerli ekskawatorlar, zir-zibil daşaýjy ulag üçin açyk görnüşli konteýnerler, baglary göçürmek üçin enjamlar, aýratyn dakylýan enjamlar bar. Şeýle hem pudagyň işgärleri üçin 24 adamlyk awtobuslar satyn alyndy.
Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan işlerini döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi netijesinde satyn alnan döwrebap tehnikalaryň gelip gowuşmagy täze ýylyň ilkinji günlerinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşikleriniň işgärleri üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu waka mynasybetli Aşgabatda hem-de Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy birleşiklerinde geçirilen dabaralarda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň jemagat hojalygy pudagyna niýetlenip satyn alnan täze, ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, tehnikalaryň we enjamlaryň täze ýylyň ilkinji günlerinde pudagyň işgärleri üçin ajaýyp sowgada öwrülendigini nygtadylar hem-de alkyşlaryny beýan etdiler.