744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.01.2026
Birža söwdalarynda nebit ýol bitumy satyn alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 13-nji ýanwarda geçirilen söwdalarynda daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Bu barada degişli geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda bolsa ýerli işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 8 400 000,00 manada we 1 760 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.