744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.01.2026
Balkan welaýatynda jemagat hojalygynyň täze tehnikalary dabaraly kabul edildi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň Jemagat hojalygy birleşikleriniň düzümleri üçin satyn alnan, jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň hem-de tehnikalaryň gelip gowuşmagy jemagat hojalygynyň işgärleri üçin şatlykly waka boldy. Şu mynasybetli Balkan welaýatynda geçirilen dabaralar hem olara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.

Ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap Jemagat hojalygy müdirliginde geçirilen dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Bu ýerde täze awtoulaglar we tehnikalar türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda, ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy.

Jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda welaýatyň etraplarydyr şäherlerinde amala aşyryljak arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin örän zerur. Şonuň üçin-de, dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň aýratynlyklaryny belläp geçdiler.

Jemagat hojalygynyň düzümleri üçin alnan täze, döwrebap tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy, ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, ýük göteriji, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar hem-de beýleki dürli işleri ýerine ýetirýän tehnikalar we goşmaça enjamlar bar. Hytaý Halk Respublikasynyň «Zoomlion», «Dongfeng» we «Infore Enviro» kompaniýalarynyň önümleri bolan döwrebap tehnikalar ilatly ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini netijeli alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär.