744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.01.2026
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky kärhanada nahar duzunyň 23 müň tonnadan gowragy öndürildi

Balkan welaýatynda geçen ýyly oňat netijeler bilen jemläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan täze ýyla ýokary ruhubelentlikde gadam basan kärhanalaryň biri-de welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki nahar duzuny öndürýän «Guwlyduz» kärhanasydyr. Bu kärhananyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde hem duzuň iň köp gorunyň jemlenen ýerleriniň biri hasaplanýar.

Balkanly duzçularyň 2025-nji ýylda gazyp alan duzunyň mukdary 97 müň 53 tonnadan gowrak bolup, bu baradaky meýilnama 102,2 göterim berjaý edildi. Şeýle hem kärhana däneli duzuň meýilnamada görkezilen 84 müň 400 tonnasyna derek 86 müň 270 tonnasyny öndürip, degişli meýilnamany 102,2 göterim ýerine ýetirdi. Kärhana boýunça geçen ýylda gaplanan nahar duzunyň 23 müň tonnadan gowragy öndürildi. Duzçular şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.