Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bu ýerde görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini ýerine ýetirýän Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili R.Akçi öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň tutuş çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda güýçli depginde dowam edýär. Hususan-da, Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleri babatda öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyza toplumyň binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri, otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri hem görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň, otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine ýetirilende, reňkleriň sazlaşygyna uly üns berilmelidigini aýtdy hem-de görkezilen heýkelleri we surat eserlerini synlap, olaryň arasyndan bezeg serişdeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýänlerini saýlap almagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili R.Akçi hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen utgaşykly işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz bedew heýkelleri we toplumyň binalarynyň bezeginde ulanyljak serişdeler bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny hem synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy.