Türkmen halk senenamasy boýunça, 18-nji ýanwarda gyş paslynyň uly çille döwri tamamlanyp, ol öz ornuny kiçi çillä berdi. Bu möwsüm 7-nji fewrala çenli dowam eder. «Gaharjaň», «keçjal» diýen atlary alan kiçi çille bu ýyl hem özüniň gar-ýagşy bilen geldi.
Kiçi çilläniň howasy durnuksyz bolýar. Käte asmanyň ýüzi bulutdan dolup, gar ýagsa, onuň yz ýanyndan ähli bulutlar syrylyp, aýaz hem boluberýär. Şeýle ýagdaýda eýýäm kemsiz agralan ene mallara ýyly kaşar, ýyly suw we goşmaça ot-iým zerurlygy has-da artýar.
Bu ýyl iki çilläniň sepgidinde ýagan gar-ýagyş maldar üçin käbir kynçylyklary döretse-de, daýhan üçin bähbitli boldy. Çille döwrüniň ýagmyry topraga bereket bolup siňýär. Hut şonuň üçin-de «Çille gary — ýeriň gany» diýilýär. Eger-de çillede ýagan gar ýedi günläp ýeriň ýüzünde eremän ýatsa oňat görlüpdir. Şu döwürde ýyldyzlar äleminde hem käbir üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny Aralyk ýyldyzy ilkagşam peýda bolup, ol daňdan ýaşýar. Ýaldyrak, Mizan hem hatar gurap gündogardan günbatara süýşýär. Ýyldyzlaryň şu hereketi kiçi çille döwründe has-da äşgär duýulýar.