Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
«Türkmenistan» gazetiniň 17-nji ýanwardaky sanynda çap edilen bildirişde habar berlişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty hem 2026-njy ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin "Nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilişi we ulanylyşy" hünäri boýunça 1 ýere dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar.
Salgysy: Balkanabat ş., Magtymguly şaýoly, 40.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 6-39-73, 6-44-57.
"Türkmengaz" döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty 2026-njy ýylda "Nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilişi we ulanylyşy" hünäri boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin 2 ýere dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 58.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-06-30, 44-05-01.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar:
25.00.07 — Gidrogeologiýa — 1 ýer.
25.00.15 — Guýulary gazmagyň we özleşdirmegiň tehnologiýasy — 1 ýer.
Şonuň ýaly-da, "Nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilişi we ulanylyşy" hünäri boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin 1 ýere dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-97-28, 39-13-03.
Aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 2-sinden 27-sine çenli kabul edilýär. Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2026-njy ýylyň mart aýynyň 2-sinden 25-ine çenli geçirilýär. Aspirantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.