744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.01.2026
Zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekde 107,9 göterim ösüş gazanyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri geçen ýylyň tutuş dowamynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde aýratyn netijelilik görkezdiler. Bu döwrebap senagat kärhanasynda işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Zawodlar toplumynda ähli işleriň bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylmagy hünärmenlerdir işçileriň öňde goýlan meýilnamany artygy bilen berjaý etmeklerinde örän ähmiýetlidir.

Geçen ýyl zawodlar toplumynda turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowşan «gara altynyň» 4 million 955 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenilip, bu babatda 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Dürli görnüşli benziniň 1 million 484 müň 900 tonnasy, kerosiniň 434 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 539 müň 800, suwuklandyrylan gazyň 124 müň 200, polipropileniň 57 müň 600, çalgy ýaglarynyň 54 müň 100, nebit bitumynyň bolsa 458 müň 400 tonnasy öndürildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemlän zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny-da turuwbaşdan üstünliklere besleýärler.