744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.01.2026
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda ilki häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda zerur çäreler görülýär.

Häkimler öz hasabatlarynda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak üçin pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, Lebap welaýatynda şaly öndürijiler, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.