744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.01.2026
TNGIZT-de bir günde 300 tonna polipropilen zireleri öndürilýär

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň biri hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan tilsimatlardyr enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, onda hünärmenleriň onlarçasy gije-gündiz gowşamaýan depginde zähmet çekýär. Olaryň polipropilen önümçiligini awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmaklary öňde goýlan meýilnamalara abraý bilen hötde gelmäge oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde öndürilýän önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär. Hünärmenleriň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde bir günüň dowamynda 300 tonna polipropilen zireleri öndürilip, 25 kilogramlyk haltalara gaplanylýar. Dürli pudaklarda giňden ulanylýan polipropilene bolan isleg diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem günsaýyn ýokarlanýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2011-nji ýylyň dekabr aýynda önümçilige ornaşdyrylan polipropilen haltalaryny öndürýän desgada-da işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 10 milliondan gowrak dürli göwrümli polipropilen haltalaryny öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan enjamlar dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan önümçilikleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Döwrebap desgada gije-gündizleýin iş alnyp barlyp, her günde göwrümi 0,25 we 0,9 kub metr bolan polipropilen haltalaryň müňlerçesi öndürilýär.