744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.01.2026
Täze guýudan önüm alnyp başlanar

«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň zähmetkeş toparlary ýurdumyzyň dürli sebitlerinde alyp barýan gözleg-barlag işleriniň netijeliligi bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Ýakynda olar Merkezi Garagumdaky Atabaý meýdançasynda ýene bir guýuda mawy ýangyjyň baý gorunyň bardygyny anykladylar.

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu meýdançadaky «Atabaý-1» diýlip atlandyrylan 1200 metrlik baha beriş guýusynda geçirilen synag işleri bu ýerden bir gije-gündiziň dowamynda 284 müň kub metre çenli kükürtsiz gazy alyp boljakdygyny görkezdi. Dokuz gatdan ybarat bolan guýynyň gatlarynyň sekizisinde mawy ýangyjyň bardygy ýüze çykaryldy.

Ýakyn geljekde täze guýyny «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň ygtyýaryna berip, ondan önüm alyp başlamak meýilleşdirilýär.

Tejribeli burawlaýjy Şöhrat Halmyradowyň ýolbaşçylygyndaky topar şu ýylda gözleg-barlag işleriniň ýene birnäçesini geçirmegi meýilleşdirýär.