Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki Gazbeton öndürýän kärhananyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleriniň tagallasy bilen, geçen ýyl 20 million 645 müň 900 manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu netije, ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Bu ýerde öndürilen bäsdeşlige ukyply önümler milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan gurluşyk önümçiligi pudagynyň has-da ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Kärhana jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlaryny, kärhanalary we senagat infrastrukturasynyň desgalaryny gurmak üçin ýokary hilli önümleri öndürmekde baý tejribä eýe. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bu iri kärhanasynda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar bäsdeşlige ukyply gazbetony, ondan ýasalan dürli möçberdäki diwarlyk bloklary, ýylylyk saklaýjy görkezmeleri we beýleki gurluşyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Önümlere islegiň ýokarydygyny kärhananyň geçen ýylda gazanan önümçilik görkezijileriniň mysalynda hem görmek bolýar.