744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.01.2026
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde 2025-nji ýylyň jemlerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew geçen ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak babatda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlandygyny, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak ugrunda degişli işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli düzümlerde öňde durýan wezipeler bilen baglylykda anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.