744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.01.2026
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarydyr işgärleri sylaglanylar

21-nji ýanwarda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýtdy we degişli Permanlara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny aýdyp, olaryň bu borjy ak ýürekden, yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.