744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.01.2026
Aşgabatda geçirilýän SPECA hepdeliginiň çäklerinde energetika meseleleri hem maslahatlaşyldy

21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Foruma gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmaga mümkinçilik berýär.

Forumyň «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlisindäki çykyşlarda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda mejlise gatnaşyjylar eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we köpşahaly infrastrukturany döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Sebitiň energetika özara baglanyşygy diňe bir energiýa serişdelerini iberiji ýurtlar üçin däl, eýsem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin hem durnuklylygyň kepili bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ygtybarly halkara energetika infrastrukturasyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapynyň wekiliniň çykyşynda bellenilişi ýaly, energetika milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz täze elektrik stansiýalaryny gurmak, elektrik energiýasyny öndürmek, ony goňşy ýurtlara eksport etmek boýunça öňdäki orunlara çykdy.

Türkmenistan energetika sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ählumumy ulgama goşulyşmagynyň esasy şerti hökmünde garaýar we SPECA giňişligini durnukly hem-de howpsuz energetika merkezine öwürmäge çalyşýar. Bu strategiýa sebitde özara baglanyşygy pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýar. Ugurdaş infrastrukturany ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyz uglerod gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, sanlylaşdyrmak boýunça halkara gün tertibini işjeň goldaýar. “Akylly” ulgamlaryň, SPECA-nyň “Ýol kartasynyň” çäklerinde döwrebap hasaba alyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy sebitiň energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Mejlisiň dowamynda bilermenler serhetüsti energiýa alyşmalaryny ýeňilleşdirmek üçin gatnaşyjy döwletleriň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny özara laýyk getirmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Bitewi standartlaryň we hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň döredilmegi milli energetika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, täze elektrik geçirijileri guramak üçin goşmaça maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, energetika akymlaryny dolandyrmakda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. “Akylly” ulgamlaryň ornaşdyrylmagy energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga we hyzmatdaşlaryň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Forum şu gün öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam edýär.