Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, “Trend” agentligi habar berýär.
Ýaponiýanyň senagat ugurly bu uly kompaniýasynyň wekili kompaniýanyň öz halkara tejribesine hem-de häzirki zaman tehnologik çözgütlerine daýanyp, Türkmenistanyň senagat ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Şeýle-de ol “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasynyň Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýyna ýokary baha berýändigini belledi.
“Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşdy. Bu zawod ýylda 1,8 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna ECO-93 görnüşli benzini, 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürýär.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu işe «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar.
Ýatladyp geçsek, 10-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyranda bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän duşuşyga ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Duşuşykda Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda oturdyljak enjamlaryň yzygiderli getirilmegi ugrunda zerur tagalla edýändikleri barada hem aýdyldy. Kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek ornaşdyrylýan enjamlaryň hiliniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini aýdyp, olaryň önümçiliginiň sazlaşykly alnyp baryljakdygyna ynandyrdylar.
Agzalan duşuşykda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli çig mal serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz senagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, önümleriň hilinden başlap, onuň mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.