Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji ýanwarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygynyň özara gatnaşyklary has-da ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Serjio Gor Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy nygtaldy.