744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.01.2026
BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

24-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine aýratyn üns berildi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini belläp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminama durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin berk hukuk binýady bolup çykyş edýär. Pikir alyşmalaryň çäklerinde Ähtnamanyň bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygy bellenildi. Taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada-da durlup geçildi.

Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.