Şu gün Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýramyň parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýandygy barada aýdylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan toýlanylyp, halkara derejeli iri forumlar hem-de dabaralar geçirildi. Bu çärelerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk we ynanyşmak ýörelgeleri has-da dabaralandy.
«Siz bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmelisiňiz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsançly gadamlar bilen geçip, ömür ýoly şöhrata beslenen beýik şahsyýetlerimiziň mynasyp nesilleridigiňizi dünýä äşgär etmelisiňiz. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny öňküden-de döwrebaplaşdyrmagyň, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri döretmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň, ýurtda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galjakdygyny belleýär.
Belläp geçsek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 34 ýyllygy toýlanylýar.