744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.01.2026
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty: obasenagat toplumyndaky we welaýatlardaky işlere garaldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda ilki häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek we gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.

Häkimler welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda oba hojalyk toplumynyň strategik ähmiýetini belledi we ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyk we dokma senagatyny çig mal bilen bolelin üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda pudagyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýändigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.