744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.11.2026

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ekologiýa we howa başlangyçlaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Forumyň maksady teklipleriň ähmiýetini açyp görkezmekden we olary bilelikde durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Başlangyçlar BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde 16-njy oktýabrda Ýerewanda geçirilen Liderler sammitinde we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde 11-nji noýabrda Antalýada geçirilen Liderler sammitinde öňe sürüldi. Maslahata ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurt we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Ýerewandaky sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biodürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we çölleşmä garşy göreşmek meselelerini özara baglanyşykly ählumumy wehimler diýip atlandyrdy we Türkmenistanyň BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen borçnamalardan anyk amaly hereketlere geçmegiň zerurdygyny nygtady we ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň ösüp barýan ýurtlaryň, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini nazara almazdan mümkin däldigini aýtdy.

Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat howa dialogyny açyk köptaraply meýdança hökmünde döretmek baradaky teklibi, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürmek niýetini ýatladylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamlaryny gorap saklamak, howa we ekologiýa bilen bagly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goraýyş we sanly tehnologiýalary alyşmak bellenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň Antalýada öňe süren bäş başlangyjy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda 2028 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy» diýip yglan etmek; 2027-nji ýylda türkmen paýtagtynda Aşgabat howa dialogynyň çäklerinde ilkinji halkara duşuşygy geçirmek; BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak; ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara we howa bilen bagly maliýe serişdelerine elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen howa tehnologiýalaryny bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek; BMG-niň howandarlygynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak we ondan durnukly peýdalanmak ugurlarynda hereket edýän halkara düzgünleri, kadalary we ülňüleri tertibe salmaga hem-de ulgamlaşdyrmaga ýardam etjek Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak bar.

Forumyň gatnaşyjylary bu başlangyçlary durmuşa geçirmek maksady bilen gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler we olary öňe sürendikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi