744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27-nji noýabrda geçirilen söwdalarda içerki bazaryň wekilleri tarapyndan “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropilen önümini satyn almak boýunça umumy bahasy 2 400 000,00 manada deň bolan bir geleşik baglaşyldy.

Birža söwdalarynyň barşynda ýerli işewürler tarapyndan senagat önümçiliginde giňden ulanylýan polipropilen önümini satyn almak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu geleşik ýurdumyzyň nebithimiýa toplumynda öndürilýän önümleriň içerki bazarda uly islegden peýdalanýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly geçirilýän söwdalar ýurdumyzyň öndürijileri bilen telekeçileriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, önümçilik kärhanalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge we bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.