744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.11.2026

2026-njy ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň (UTP) Hünär bilimi we hünär ýokarlandyryş merkeziniň (CAPE) professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçirdiler. Okuw sapary nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, talyplary «PETRONAS» kompaniýasynyň tejribesi bilen tanyşdyrmak hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen gurnaldy.

Okuwlar «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň ýardam bermeginde geçirildi. Sapaklary doktor Muhammad Lukman Bin Hasan, doktor Mysara Bin Mohamed Saidi hem-de doktor Iskandar Bin Dzulkarnain alyp bardylar.

Maksatnama «Nebitgaz inženerliginde we geologiýada emeli aň» hem-de «Nebitgaz inženerliginiň tehnologiýalary» atly iki ugry öz içine aldy. Okuwlara uniwersitetiň mugallymlarynyň 20-si hem-de talyplarynyň 30-sy gatnaşdy. Sapaklaryň dowamynda diňleýjiler nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, şeýle hem geologiýada we inženerçilik hasaplamalarynda emeli aňyň mümkinçilikleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrendiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinшх, «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti arasyndaky hyzmatdaşlyk birnäçe ýyldan bäri ösdürilýär. 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda taraplar ylym-bilim ulgamyndaky özara hereketleri täze basgançaga çykarmak maksady bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.