Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň işgärlerine niýetlenen 4 gatly, 24 öýli gulluk ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylarydyr harby gullukçylary, ýaşuly nesliň, ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýurdumyzda harby gullukçylara döredilýän mümkinçilikler, gümrük edaralarynda ýerine ýetirilýän işler, ýurdumyzyň goraglylygy, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy baradaky buýsançly gürrüňler bu ýerde edilen çykyşlarda giňden beýanyny tapdy.
Gullugyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.
Döwrebap gulluk ýaşaýyş jaýyndan öýli bolan harby gullukçylar täze öýüň açaryny maňlaýa sylyp kabul etmek bilen, hoşallyklaryny beýan etdiler.
Täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gurat gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gulluk ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin ýörite oýun meýdançalary döredildi. Ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň otaglary giňligi, ýagtylygy we kaşaňlygy bilen tapawutlanýar.
***
Şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Iki gatly täze binanyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem giň gerim berildi.
Esenguly etrap merkeziniň binagärlik we şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdiren binany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil ülňülerine laýyk gurmagy başardy. Uludan tutulan dabaranyň dowamynda bu binanyň gurluşygynda zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.