Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz ir bilen Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köprini synlady. Gahryman Arkadagymyz bu köpriniň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda bina edilýändigini belläp, halkymyzyň köpri gurmagy, ýol çekmegi, bina galdyrmagy sogap iş hasaplaýandygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň germewleri, olaryň berkligi bilen gyzyklanyp, germewleriň hiline, gurluşyna birnäçe belliklerini aýtdy we ony talabalaýyk derejede düzetmegi maslahat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra şäheriň ikinji tapgyrynda gurluşygy batly depginde dowam edýän durmuş maksatly binalaryň ýanynda saklandy. Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň, aýratyn-da, bilim edaralarynyň, saglyk merkezleriniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler, olaryň otaglarynyň reňk sazlaşygy, yşyklandyrylyşy we beýlekiler babatda raýatlaryň garaýyşlarynyň, jemgyýetçilik pikirleriniň netijeli öwrenilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde amatly ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz soňky wagtda häkimlik tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.